| Ýyllar rowaç Siziň bilen Arkadag!

                     

«Halkyň arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de sanlyja günlerden üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2023-nji ýyla Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip yglan edilen ýyla gadam basýarys.
Ýetip gelýän täze 2023-nji ýyl mynasybetli Çarlak myhmanhanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, «Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň» Türkmenbaşy şäher bölümi we Türkmenbaşy şäher Medeniýet merkezi bilen bilelikde «Ýyllar rowaç Siziň bilen Arkadag» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Aýazbaba we Garpamygyň gelmegi dabara gatnaşyjylarda uly şowhun döretdi. Türkmenbaşy şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dörejilik çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan myhmanlar Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, Ulag pudagyny ösdürmekde edýän aladalary üçin özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar.

18.12.2022

Scroll to Top