Ýurdumyzda gazanylan üstünliklerini beýan edýän 3D görnüşli wirtual sergä Türkmenbaşy Halkara deňiz porty öz ekspozisiýasy bilen gatnaşýar.

2020-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «https://virtualexpo.gov.tm» elektron (wirtual) sergi portalynda ýurdumyzda gazanylan üstünliklerini beýan edýän 3D görnüşli wirtual sergisi köpçülikleýin mahabatlandyryşa çykaryldy. Bu sergi portalynda, beýleki pudak edaralary bilen bir hatarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň 3D görnüşindäki sergi ekspozisiýasy mahabatlandyrylýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ilkinji gezek geçirilýän elektron (wirtual) sergisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Türkmenistanda we dünýä ýüzünde alyp barýan işlerini mahabatlandyrmaga, täze hyzmatdaşlary tapmaga, daşary ýurt maýa goýujylary çekmäge we ýük dolanşygyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Gurnalan wirtual sergi, görüjileriň sanyny artdyrmak we daşary ýurt raýatlarynyň, guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň ünsüni has-da özüne çekmesi üçin 3 dilde taýýarlanyp geçirilýär we 1 (bir) aý dowam eder.

Scroll to Top