ÝOLLARYMYZ AK IŞLERIMIZ ROWAÇ ALSYN!

     2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Beýik ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli “Ýollarymyz ak işlerimiz rowaç alsyn!” atly şygar astynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti bilen bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
     Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenbaşy komitetiniň başlygy G.Annadurdyýewa, Türkmenbaşy şäheriniň hormatly il-ýaşulysy A.Rejepow, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy O.Saryýewa, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Marketing we Halkara gatnaşyklar bölüminiň  baş hünärmeni  O. Aşyrowa we Marketing we Halkara gatnaşyklar bölüminiň  esasy hünärmeni  Ý.Kakabaýew çykyş etdiler.
     Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi bu täze wezipede  berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň Berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyk uly-uly üstünlikleri arzuw etdiler
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top