| Ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça bäş günlük okuw maslahaty
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda “Pandemiýa sebäpli deňiz portlarynyň howpsuzlygy we gözegçilik babatda häzirki zaman tejribelerini kämilleşdirmek” atly bäş günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.
2022-nji ýylyň 1-5-nji awgusty aralygynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata ýurdumyzyň döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hünärmenleri we bu ugur boýunça halkara hünärmenler hem gatnaşdylar.
Maslahatda deňiz ulag we logistika ugrunda işleýän milli hünärmenlerini halkara tejribeleri we kadalary bilen tanyşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara hünärmenleriň çykyşlarynyň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylary deňiz howpsuzlygy, ýolagçylary, goşlary we ulaglary barlamak, şeýle hem wagtlaýyn we ykjam barlag nokatlarynyň işi bilen baglanyşykly halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
05.08.2022