ÝHHG guramasynyň wekilleri bilen “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

     2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-31-ne “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň edara binasynda ÝHHG guramasynyň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
     Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, ÝHHG guramasynyň wekilleri, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Noworossiýsk we Tuapse portlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
     Ýygnagyň esasy meseleleri bolan, portlary dolandyrmaklykda halkara standartlary, portlary gurmaklykda we dolanyşyga girizmeklikde ISO halkara standartlary, ýük dolanyşygynyň üznüksiz we öz wagtynda amala aşyrylmagynyň tejribeleri we ÝHHG guramasynyň deňiz portlaryny adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlygyny üpjün etmeklikdäki tejribeleri ara alyp maslahatlaşyldy.
     Duşuşygyň dowamynda portlaryň wekilleri öz aralarynda portlary dolandyrmak we häzirki wagtdaky ýagdaýda alnyp barylýan işiň ýöredilişi babatynda pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn tejribeleri paýlaşdylar.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top