Ýaşyl portÝaşyl dünýä

                     

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy “Ýaşyl port” (Green Port) halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, terminallaryň her birinde bioarassalayyş enjamlar ornaşdyryldy.

Şeýle hem desgalaryň içinde ýerleşdirilen enjamlar mümkin boldugyndan elektrik energiýasy bilen işleýän, tebigat üçin galyndyly zyňyndylary öndürmeýän tilsimatlardan saýlanylyp enjamlaşdyryldy.

Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň daşky gurşawynyň howpsuzlygy babatdaky talaplara laýyk gelmegi üçin ýerine ýetirilen işleriň iň täsinleriniň biri hem Halkara deňiz portunyň ýakynynda guşlar üçin ýörite gonalganyň gurnalmagydyr. Bu gonalganyň taslamasynda “Hazar” döwlet goraghanasynyň toplumyna girýän suw-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň dürli görnüşleriniň — gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, gogurlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň mekan tutmagy we olary iýmitlendirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Scroll to Top