Ürgün ýükler terminaly

      Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat we himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri netijesinde ýurdumyzda ençeme halkara ähmiýetli senagat we himiýa önümçilik desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu desgalarda öndürilýän önümler ýurdumyzyň içerki bazarlaryny doly üpjün edip, esasy bölegi hem eksport ugradylýar.

      Häzirki döwürde Türkmenistan sement, karbamid, kaliý ýaly ençeme ürgün ýük görnüşli önümleri daşary ýurt bazarlaryna ibermegini dowam edýär.

      Türkmenbaşy halkara portunyň düzüminde ürgün ýükler terminalynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzdan eksport edilýän ürgün ýükleriň logistikasy has hem ýeňilleşer. Şeýle hem bu terminal sebitde ürgün ýükler üçin niýetlenen ýeke-täk terminal bolup, himiýa we oba hojalyk senagatynda ulanylýan ürgün ýükleriň barmaly ýerine wagtynda barmagy we logistikanyň amatly bolmagy üçin şert döreder.

      Ürgün ýükler terminalynyň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna barabardyr. Terminalyň ammarynda däne, iým, un, himiki önümler we sement saklamak üçin ýörite enjamlar gurnaldy. Terminalyň duralgasynyň uzynlygy 440 metr bolup, bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik gämä ürgün ýükleri ýüklemek we düşürmek mümkinçiligi döredilendir.

      Terminalyň düzüminde umumy göwrümi 35 000 kub metr bolan 14 sany däne silosy we umumy göwrümi 6000 kub metr bolan 8 sany sement silosy gurnaldy. Konweýer ulgamlary we konweýerli gämi ýükleýjiler arkaly ürgün ýükler gämilerden konteýnerlere we konteýnerlerden gämilere ýükleniler.

      Terminalda susguçly zynjyrly krandan 1 sanysy, demir relsde hereket edýän susguçly krandan 3 sanysy ýerleşdirildi.

      Ýük ulaglaryny we demir ýol wagonlaryny ýükleme we düşürme nokatlaryndan iki sanysy bina edilip, olaryň kuwwaty sagatda 650 tonna barabardyr. Umumy meýdany 180 000 inedördül metr.

Howa şertleriniň durnukly ýagdaýynda ýükleriň ýükleme-düşürme hyzmatlary (doly amal) üçin sarp edilýän wagty.

Ürgün ýükler terminaly:

  • Ürgün ýüküň gämiden düşürilmesi açyk ammarda – 3000 tonna 15 sagat 1(bir) sagatda 200 tonna

    Ürgün ýüküň gämä ýüklenmesi ýapyk ammarda –  3000 tonna 30 sagat 1(bir) sagatda 100 tonna

  • Ürgün ýüküň gämä ýüklenmesi açyk ammarda – 3000 tonna 15 sagat 1(bir) sagatda 200 tonna

    Ürgün ýüküň gämä ýüklenmesi ýapyk ammarda –  3000 tonna 30 sagat 1(bir) sagatda 100 tonna

Bellik: Ürgün ýükler ähli himiki ýükleri öz içine alýar.

Ammarlar

Ürgün ýükler terminalynyň ýapyk ammary

Meýdany 8500 m2

Ýagyşdan we günden goralýan ýükler üçin niýetlenen

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top