| Ulag pudagynyň zenanlarynyň arasynda “Hünärim bar – Hormatym bar” hünär bäsleşigi geçirildi
Halkara Zenanlar güni 8-nji mart baýramy mynasybetli şu ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen bilelikde, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşiginiň 1-nji tapgyrynyň geçiriliş tertibine laýyklykda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine degişli bolan edara-kärhanalaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bu pudakda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň ýerine ýetirýän işlerine bolan söýgisini, zehinini we ukybyny açyp görkezmek, ökdelerini saýlamak we görelde etmek, hünäriň, käriň ähmiýetini geljekki nesillerimize, ýaşlara ýetirmek, hünäre söýgi döretmek we işgär gelin-gyzlaryň arasynda agzybirligi jebisligi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde gelin-gyzlar öz aralarynda bäş sany şert esasynda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan yglan edilen birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan gelin-gyzlar ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar we olara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň adyndan çykyş eden Hesel Berdiýewa baýrakly oruna mynasyp bolmak bilen jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
10.02.2023