Ulag pudagy tegelek stoluň başynda

     Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösmegi halkymyzyň bölelin abadan durmuşda ýaşamaklary we olaryň göwnejaý zähmet çekmekleri üçin durmuşyň dürli pudaklarynda zerur bolan şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda  taryhyň sahyplaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri  bolup geçdi. Ýagny Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we onuň bilen bir hatarda “Balkan” Gämi gurluşyk we Abatlaýyş zawody gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna Beýik Ýüpek ýolunyň häzirkizaman siwilizasiýasynyň gaýtadan dikeldilmegine uly itergi berýär. Gahryman  Arkadagymyzyň ulag ulgamynda amala aşyrýan özgertme we başlangyçlaryny dowam etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, üstaşyr ýükleri çekmek, sebitde ösen halkara ulag logistiki merkezini döretmek, olary bir kemsiz  üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak we ulag diplomatiýasyny doretmek maksady “Halkyň Arkadagly Zamanasy”  ýylynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunuň, “Balkan” Gämi gurluşyk we Abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şeýle hem “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda tegelek stoluň başynda özara maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar özleriniň ýerine ýetirýän işleri we döredilen mümkinçilikler barada  özara pikir alyşdylar.
Scroll to Top