| Ulag – Logistika Kompaniýalaryň Dykgatyna!
Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmeklige, ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmaklyga, ýurdumyzyň ulag-logistika babatda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek , eksport-import, üstaşyr ýükleri artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýükleýiş-düşüriş işleri, terminallaryň ammarlarynda ýükleri saklamak we beýleki hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin hereket edýän nyrhnamasyna üýtgetmeler girizildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýükleri daşamak boýunça awtoulag gatnawlaryny ýygjamlaşdyrmagy ýola goýmak makady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner terminallaryna girýän ähli awtotehnikalardan bir awtoulag serişdesiniň girip-çykmasy üçin hyzmatlar tölegsiz amala aşyrylýar, şeýle hem Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner, Polipropilen terminallarynyň içki duralgalarynda awtoulaglar 10 (on ) senenama gününe çenli tölegsiz saklanylýar.
01.06.2023