Ulag boýunça türkmen-päkistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 3-nji mejlisiniň duşuşygy

     2021-nji ýylyň 11-nji martynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda türkmen-päkistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 3-nji mejlisiniň duşuşygy geçirildi.

 

     Duşuşykda iki ýurdyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary we ony ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

     Duşuşykda, Iş toparyň Türkmen wekilýetine «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Başlygynyň orunbasary W.Hojanepesow ýolbaşçylyk etdi. Iş toparyň Päkistan wekilýetine Päkistan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk ministrliginiň jogapkär sekretary Muhammad Salman ýolbaşçylyk etdi.

 

     Duşuşygyň barşynda, taraplar ulag babatynda gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikinji mejlis geçirilenden soňky döwürde ulag hem-de  söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de, COVID-19 pandemiýasy wagtynda halkara ýük gatnatmalaryny bökdençsiz amala aşyrmak üçin girizilen öňüni alyş çäreleri boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar.

 

     Mundan başga-da, taraplar, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, Päkistanyň deňiz portlaryna gelýän ýükleri Türkmenistanyň üstünden Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitindäki döwletlere daşamak mümkinçiliklerini, iki döwletiň deňiz portlarynyň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gämi gurluşygyna maýa goýum çekmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

     Türkmen tarapy Päkistanyň deňiz portlaryna gelýän ýükleri Türkmenistanyň üstünden Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde ýerleşýän döwletlere daşamak üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny hem-de bu ugurda işlemäge taýýardygyny beýan etdi we şol mümkinçiliklerden peýdalanmak baradaky teklibini päkistan tarapynyň dykgatyna ýetirdi.

 

     Duşuşygyň soňunda tarapaplar ulag babatynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-päkistan iş toparynyň indiki, 4-nji mejlisiniň geçiriljek ýerini we anyk senesini diplomatik ýollar arkaly ylalaşmaly diýen netijä geldiler.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top