| Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

                     

Azerbaýjan Respublikasynyň “Baku gämi gurluşyk zawodynyň” wekilleri Türkmenistana iş saparynyň çäginde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda taraplar iki kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular – olaryň gurluşy, alyp barýan işleri we beýleki zawodlar bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk ulgamynyň ösüş tejribesine we tejribe alyşmak üçin mümkinçiliklere uly üns berildi.

Wekiliýet iş saparyň dowamynda zawodyň önümçilik meýdançalaryna baryp gördüler, onuň infrastrukturasy, häzirki zaman tehnikasy we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Bu iş saparyň netijesinde azerbaýjan wekiliýeti ýakyn wagtda gämi gurluşyk ulgamynda iki taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça anyk teklipleri ýollajakdyklary barada belläp geçdiler.

Ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň soňky mejlisiniň teswirnamasynda, gämi gurluşygy babatynda iki ýurduň gämi gurluşygy zawodlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi göz öňüne tutulandyr.

06.03.2023

Scroll to Top