| Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna iş sapary
Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýiti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Astrahan şäherinde 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 24-27-si aralygynda gulluk iş saparynda boldular.
Iş saparynyň dowamynda logistika, ulag, söwda we gämi gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynyň gün tertibinde Astrahan oblastyndaky aýratyn ykdysady zolagyň çäklerinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak, Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli awtoparom gatnawlaryny açmak, onuň hereket etmegi üçin ýörite ýük binýadyny döretmek hem-de gämi gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler boldy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidowyň ýolbaşçylyk etmeginde, türkmen wekiliýeti Astrahan sebitine iş saparynyň çäginde Astrahan oblastynyň Limanskiý etrabynyň Olýa obasynda döredilýän portuň ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi. Olýa porty “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm nokatlarynyň biri bolar we şu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol Olýa-Türkmenbaşy aralygynda yzygiderli parom aragatnaşygynyň esasyny düzer.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Olýa portunyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirip, Olýa-Türkmenbaşy parom liniýasyna ýük akymlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra türkmen wekiliýeti Astrahan “Flotproekt” konstruktor býurosyna baryp gördi, ol ýerde türkmen deňiz floty üçin ýersorujy tehnika bilen enjamlaşdyrylan ýörite gämileriň gurluşyk-taslama işlerine garaldy.
Üç günlik dowam eden iş saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Hazar deňiz we derýa ulaglary institutyna, portlara, gurluşygy dowam edýän “Lotos” aýratyn ykdysady zolaga we “Lotos” gämigurluşyk zawodyna baryp gördüler. Gulluk iş saparynyň ahyrynda türkmen wekiliýeti öz Russiýaly kärdeşlerine minnetdarlygyny bildirip hoşlaşdy.
24.08.2022