| Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynda wezipelere çemeleşmeler seljerildi
Şu ýylyň 23-nji awgustynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň umumy mejlisinde 15-16-njy awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty: Aşgabat prosesi” boýunça beýan edilen çözgütler bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toplumyň we onuň bölümleriniň, logistika kompaniýalaryň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem-de Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de beýleki çäreleriň resminamalaryna garadylar.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, wise-premýer Mämmethan Çakyýew çykyşynda halkara ulag geçelgeleriniň giňeldilmeginde möhüm başlangyç ýörelgeleri we esasy ugurlary kesgitledi.
Bu toplumyň düýpli wezipeleriniň biri döwrebaplaşdyrmagyň aýry-aýry pikirlerini, taslamalary we olaryň düzüm böleklerini öz aralarynda multimodal daşamalaryň we üstaşyr geçirmeleriň sazlaşykly hem-de netijeli ulgamyna baglanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky edara-kärhana düzümlerine degişli: “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysy, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” APJ-niň baş direktory, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýolbaşçysy, “Türkmen Logistika” assosasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy, Halkara awtomobil daşaýjylaryň türkmen assosasiýasynyň başlygy, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistanyň ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň aýratynlygynyň we oňa bolan çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşendigi bilen şertlendirilendigini bellediler.
Bellenen maksatnamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün eder, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlarda daşary ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer, eksport önümleriniň dünýäniň iri bazarlaryna çykarylmagy üçin şertleri döreder.
Maslahatyň ahyrynda, Hormatly Prezidentimiziň adyna, Awazada geçirilen foruma gatnaşyjylardan gelip gowuşan alkyş sözleri okaldy.
23.08.2022