| Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri multimodal ýük daşamalaryny berkitmek barada ylalaşdylar

                     

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn geçirilen sammidiň netijeleri boýunça Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan ulag geçelgesi boýunça multimodal ýük daşamalaryny artdyrmakda ylalaşyk gazanyldy.

         Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç ýurduň üstaşyr mümkinçiliginden peýdalanmak üçin taraplar Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan ulag geçelgesi boýunça multimodal ýük daşamalary işjeňleşdirmegiň, üç ýurduň deňiz portlaryna, şol sanda Hazar deňzi we Pars aýlagyna çykmagyny üpjün etmekde möhümdigini üç ýurduň döwlet baştutanlary sammitiň netijeleri boýunça kabul eden bilelikdäki beýanatynda bellediler.

         Taraplar nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar hem-de şu maksat bilen öz döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň ahyryna çenli duşuşyklary geçirmegi tabşyrdylar.

        Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi.

         Bu maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow: “Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgesi şol bir wagtyň özünde ters tarapa, ýagny Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan ugry boýunça geljekde Täjigistandan Hytaýa çykmak tertibi bilen ýükleri daşamaklyk üçin netijeli ulanylyp bilner diýip belledi.

10.08.2023

Scroll to Top