| Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: ýurdumyzyň deňiz derwezesi – ýewraziýanyň möhüm ulag-logistika çatrygy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow Balkan welaýatyna amala aşyran toý saparynyň çäginde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy portuň agzybir zähmetkeşler topary uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri Ýewropa we Hindi ummany döwletlerine çykmak üçin has amatly şertleri döredýär. Onuň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi harytlar ýüklenende wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berer.
Portuň 800 orunlyk ýolagçy terminalynyň binasynda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere laýyklykda, gümrük, serhet, migrasiýa, pasport gözegçiligi we beýleki zerur işler geçirilýär. Onuň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, syýahatçylar hem-de portuň işgärleri üçin döredilen amatly şertler şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň kämilleşdirilmeginiň halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, bu işleri ylmy esasda alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
09.05.2022


