Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň «bir penjire» ulgamyny girizmek.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen kabul edilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-ne “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň «bir penjire» ulgamyny girizmek barada ýygnak geçirilip, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda «bir penjire» ulgamynyň kesgitlenendigi nygtaldy. Bu ulgam halkara tejribesinde resminamalary taýýarlamak hem-de daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylaryň maglumatlaryny bermek, şolaryň bir nokatda maglumat taýdan üpjünçiliginiň elýeterliligi babatda ulanylýar. Şu babatda ýygnakda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan işe girizilen e.gov.tm diýen bir bitewi Döwlet hyzmatlar hem-de işler portaly agzalyp, bu portal raýatlar we işewürlik üçin elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr. Şeýlelik-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan ýerine ýetirilýän elektron hyzmatlary portala ýerleşdirmek işlerini tizleşdirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top