Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda transport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýygnak

2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda duşuşyk geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga, Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministriniň orunbasary Ýu.Swetkowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti we “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, bu babatda ýerine ýetirilmeli wezipeler barada gepleşikler alnyp baryldy. Şunuň bilen birlikde, deňiz, demir ýol we awtomobil ulag ulgamynda hyzmatdaşlyklaryň, şeýle-de ulag ulgamyna degişli hünärmenleri okatmak we taýýarlamak boýunça meselelere garaldy. Deňiz ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Olýa we Mahaçkala portlary bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli parom gatnawlaryny ýola goýmak barada taraplar gyzyklanma bildirdiler we bu babatda alnyp barylmaly işler we şertler barada durlup geçildi. Türkmenbaşy-Mahaçkala, Türkmenbaşy-Olýa ugurlary boýunça yzygiderli parom gatnawlaryny ýola goýmak bilen portlaryň arasynda azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny, agaç önümlerini, polipropilen önümini, dizel ýangyjyny we beýleki nebit önümlerini daşamak göz öňünde tutulýanlygy habar berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top