| Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Russiýa uzaýan täze ulag geçelgesiniň üstünde işleýär

                     

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-3-i aralygynda Gyrgyzystanyň Ulag we Aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana eden saparynyň çäginde Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa uzaýan täze multimodal ulag geçelgesini açmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tilek Tekebaýew Türkmenistana saparynyň çäginde   “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşyk geçirdi.

Täze ulag geçelgesiniň ýerüsti bölegi Gyrgyzystandan Özbegistana uzap, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli dowam edip, soňra bolsa ýükler Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň Astrahan portuna daşaljakdygy barada belläp geçildi.

Tilek Tekebaýewiň aýtmagyna görä,   Russiýanyň bu ulag geçelgesini gämiler bilen üpjün etmäge taýýardygyny, hem-de ilkibaşda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahan portuna her gün 50-60 gyrgyz ýük awtoulaglaryny daşamak, soňky tapgyrlarda bolsa ýük daşamagyň ugurlaryny giňeltmek we konteýner daşamalaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Türkmen tarapy Gyrgyzystanyň täze ulag geçelgesini ýola goýmak teklibini goldady we üstaşyr geçirilýän ýükleriň port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhnamalary göz öňünde tutmaga taýýardygyny belläp geçdi. 

03.12.2022

Scroll to Top