| Türkmenistan bilen Azerbaýjan Merkezi Aziýa-Ýewropa ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmen wekiliýeti özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary ýokarlandyrmak maksady bilen 14-nji iýulda Baku halkara deňiz söwda portuna bardy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ulag, logistika, söwda we beýleki ugurlar boýunça döwlet we hususy pudaklara wekilçilik edýän ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekilleri üstaşyr infrastrukturany giňeltmek, goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemek we täze görnüşli ýükleriň daşalmagyny ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine seretdiler.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Baku portunyň tehniki mümkinçilikleri, onda alnyp barylýan işler we meýilleşdirilen infrastruktura taslamalary, şeýle hem daşalýan ýükleriň mukdary, port bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara portlar hem-de logistika kompaniýalar barada maglumat aldylar.
Baku halkara deňiz söwda porty Azerbaýjanyň iri deňiz söwda porty bolup, ol Alýat şäherinde Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşýär. Bu port Azerbaýjany Ýewropanyň beýleki ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ulag infrastrukturasynda möhüm bölek bolup çykyş edýär.
18.07.2023