Beýan edilen talaplara laýyk gelýän daşary ýurt we öz ýurdumyzyň ulaglary şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanyň serhet barlag-goýberiş nokatlarynyň käbirinden peýdalanyp, ýurduň çägine girip we onuň çäginden çykyp hem-de üstaşyr geçip bilerler.
Ýagny, «Artyk», «Sarahs», «Garabogaz», «Altyn asyr», «Daşoguz», «Köneürgenç», «Farap», «Ymamnazar» we «Serhetabat» barlag-goýberiş nokatlaryndan, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan geçmäge rugsat berilýär.