“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşige “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem Gazagystan döwletiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda gazak tarapy türkmen RO-PAX gämileri arkaly Aktau-Türkmenbaşy-Mahaçkala aralygynda gatnawyny ýola goýmagyny teklip etdi. Bu teklibiň türkmen tarapyndan serediljekdi barada habar berildi. Şeýle hem, türkmen tarapy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gämi abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk alyp barmaklygy teklip etdi. Duşuşygyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, deňiz ulaglarynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top