| «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Russiýanyň I Deňiz kongresine gatnaşdylar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Türkmenistanda deňiz we derýa ulag ulgamyny netijeli ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, tejribeleri alyşmak maksady bilen 2022-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Russiýanyň I Deňiz kongresine gatnaşdylar.
Deňiz pudagynda uly göwrümli halkara çäresiniň biri bolan Russiýanyň I Deňiz kongresi, halkara ekspertleri, pudak ýolbaşçylary we Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy kompaniýalary ýygnamak bilen, deňiz ugrunda işewür gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin bir duşuşyklar platformasy hökmünde çykyş etdi. Kongres ýörite gurnalan sergiden, plenar, strategiki, iş sessiýalardan, tegelek stoldan, şeýle hem halkara işewürlik gepleşiklerden ybarat boldy.
Russiýanyň I Deňiz kongresiniň ilkinji gününde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Deňiz söwda portlarynyň Assosiýasiýasynyň, «Rosmorport» Federal döwlet unitar kärhanasynyň, Astrahan oblastynyň «Lotos» ýörite ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçy wekilleriniň, şeýle hem Tatarstan respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň logistikany ösdürmek boýunça maslahatçysynyň gatnaşmagynda geçirilen strategiki sessiýasynda, Türkmen wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň deňiz gatnawynda bolan ähmiýeti barada, ýagny, Hazar deňzinde iň uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlylyklary, milli flotumyzyň mümkinçilikleri, Türkmenistanyň – Ýewraziýanyň ulag-üstaşyr merkezi bolmak bilen halkara ulag koridorlaryndaky ähmiýeti hem-de, ýurdumyzda
ulag-logistika babatynda giň gerimde alnyp barylýan işler barada çykyş edildi.
04.10.2022