“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hem-de Rumyniýanyň “UMEX S.A.” kompaniýasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2020-nji ýylyň 16-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hem-de Rumyniýanyň “UMEX S.A.” kompaniýasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem, Rumyn tarapyndan “UMEX S.A.” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen duşuşugyň dowamynda Rumyniýa Respublikasynyň “UMEX S.A.” kompaniýasy bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleriniň arasyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşugyň barşynda rumyn kompaniýasy öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Hususan-da, kompaniýa tarapyndan Orta Aziýadan gelýän ürgün ýükleriň aglaba bölegini portda jemläp Ýewropa ýurtlaryna ýollanýandygy barada aýdyp geçildi. Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen tanyşdyryp, häzirki wagtda portuň üsti bilen ugradylýan mineral dökünleriň geçen ýyla garanyňda üç esse artandygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga taýýardyklaryny nygtap, portuň çäginde ýeri kärendä bermäge taýýarlygy barada habar berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top