“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen ÝHHG-niň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 22-23-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň Halkara kadalaryna we köptaraplaýyn resminamalaryna laýyklykda ulag we gümrük amallaryny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmek boýunça geçiriljek maslahatlaşmalar babatynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady Halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn resminamalarynyň (şol sanda Gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklygy hakynda halkara Konwensiýasynyň – Kiota Konwensiýasynyň) esasynda halkara we sebitara söwda gatnaşyklarynyň sanly binýadyny ösdürmekden ybarat bolup, oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem ÝHHG-niň wekilleri gatnaşdy. Duşuşyk iki günüň dowamynda geçirilip, birinji gününde bilermenler tarapyndan ulag amallaryny sanly ulgama geçirmek, sanly ulgama geçmegiň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde täsiri we “ýeke penjire” ulgamy boýunça giňişleýin gürrüň berildi. Duşuşygyň ikinji gününde bilermenler tarapyndan gümrük gullugyna ASYKUDA World ulgamyny ornaşdyrmak we bu ugurda Gruziýanyň tejribesi barada gürrüň berildi. Şeýle-de, duşuşykda ulag-üstaşyr geçelgeleri barada maslahatlaşyldy. Lapis-Lazuli we Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde sanly ulgamyň orny barada giňişleýin gürrün berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top