“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “DP World” hem-de “P&O Maritime” kompaniýalarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda türkmen tarapy bilen «DP World» hem-de «P&O Maritime» kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «DP World» kompaniýasynyň Türkmenistanda edarasyny açmak boýunça pikir alyşyldy. Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylary, şeýle hem, emirlikler tarapyndan «P&O Maritime» we «DP World» kompaniýalarynyň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdylar. Geçirilen duşuşygyň barşynda DP World hem-de «P&O Maritime» kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan deňizde platformalara üpjün ediji gämiler arkaly hyzmat etmek, port hyzmatlaryny bermek hem-de ýük daşamak boýunça gämileri taým-çartere bermek boýunça teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, «P&O Maritime» kompaniýasy DP World kompaniýasynyň garamagyndaky kompaniýa bolmak bilen onuň adyndan logistikany ösdürmek, öz flotynyň gämileri arkaly ýük daşamak ýaly işleri alyp barýanlygy barada giňişleýin prezentasiýa bilen çykyş etdi. Şol sanda, Hazar deňzinde ýükleri konteýnerler arkaly daşamak boýunça kompaniýanyň gämilerini fider gatnawlaryna goýmak bilen konteýner akymyny artdyrmak babatynda teklipler berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top