|  Türkmenbaşy portunyň we ÝHHG-nyň wekilleriniň arasynda “EkoPort” sertifikaty mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi                       

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hünärmenleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we Daşky Gurşaw Işleriniň Utgaşdyryjysynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Bu çäre, halkara EkoPorts şahadatnamasyny almak, “Ýaşyl” portlaryň, ulag we logistika merkezleriniň ösmegine goldaw bermek, şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen ÝHHG-nyň “Sebitdäki ýaşyl portlary we aragatnaşyklary güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde ÝHHG-sy bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda geçirildi.

“EcoPort” şahadatnamasy, Daşky gurşawy goraýan, portlara durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we innowasiýalary girizmäge kömek edýän sanly söwda tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýän Ýewropa deňiz portlary guramasy (ESPO) we Portlaryň daşky gurşaw gözegçiligi ulgamy (PERS) tarapyndan berilýär.

“EcoPort” halkara sertifikaty, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuna Ýewropanyň ulag ulgamyna integrasiýa üçin mümkinçilikler berer. Mundan başga-da, port işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin okuwlar guralar. “EcoPort” sertifikaty portlaryň netijeliligini ýokarlandyrýar, dolandyryş syýasaty, daşky gurşawy goramaga we töwekgelçiligi dolandyrmaga kömek edýär. Häzirki wagtda 34 Ýewropa portunda “EcoPort” statusy bar.

26.05.2022

Scroll to Top