| Türkmenbaşy Halkara deňiz porty “Ýaşyl portlaryň” hataryna goşuldy
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, howa atmosferasyna zyňylýan zyýanly maddalaryň mukdaryny azaltmak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýän ýurdumyzda bu ulgamda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşulýar. Türkmenistan BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologik deňeçerligini üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak boýunça ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
Bu babatda, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dünýäniň Ýaşyl portlarynyň hataryna goşulmak hem-de daşky gurşawy goramak babatynda milli we halkara kadalarynyň ýerine ýetirilşini tassyklaýan «EcoPort» halkara şahadatnamasyny almagy özüne maksat edindi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dünýäniň Ýaşyl portlarynyň hataryna goşulmak üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Alnyp barylýan işleriň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldaw berilmeginde Niderlandlar patyşalygynyň EcoPortSLC şahadatnamalaşdyryjy kompaniýasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar geçirildi we Ýaşyl portlaryň hataryna goşulmak babatdaky talaplar bilen tanyşdyryldy.
Häzirki wagtda, deňiz porty tarapyndan «EcoPort» halkara şahadatnamasyny almak boýunça, Niderlandlar patyşalygynyň EcoPortSLC resmi web sahypasynda hasaba durup, ilkinji tapgyryna, ýagny, «Özüňi Barlamak Usuly» (Self Diagnostic Method) tapgyryny üstünlikli tamamlap, 2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda dünýäniň Ýaşyl portlarynyň hataryna «EcoPort» hökmünde girip, Niderlandlar patyşalygynyň EcoPortSLC şahadatnamalaşdyryjy kompaniýasynyň resmi web sahypasynda ornaşdyrylan dünýa kartasynda belgilendi. (ecoslc.eu)
Birinji tapgyr, daşky gurşawy goramak babatynda ýerine ýetirilýän işler, halkara talaplaryna laýyklykda ekologiýany dolandyrmagyň gollanmalary we degişli resminamalarynyň resmileşdirilmegi boýunça soragnamalara jogap berilmegi öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan «EcoPort» halkara şahadatnamasyny almak üçin «PERS» atly ikinji tapgyryna geçmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
18.11.2022