| Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we “Uztemirýolkonteýner” paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk
2022-nji ýylyň 19-njy iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara konferensiýanyň çäklerinde “Uztemirýolkonteýner” paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça memoranduma gol çekildi.
Taraplar, bar bolan halkara multimodal transport ugurlaryny ulanyp, ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmak maksatly üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli ulanmak üçin iň amatly görnüşlerini öwrenmek, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.
Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek, şu aşakdaky esasy ugurlar boýunça amala aşyrylar:
- Taraplar tarapyndan geçirilýän çäreleriň maglumat we guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi, olaryň taýýarlanymagyna we geçirilmegine ýardam etmek;
- Zerur bolan seljeriş işleri ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, Taraplaryň ygtyýarlygyna girýan meseleler boýunça maglumat-maslahat beriş hyzmatdaşlygyny alyp barmak;
- Ýük daşamalarda nyrhlar we beýleki ýeňillikleri bellemek;
- Üstaşyr ýükleriň çekilmegine ýardam etmek;
- Indirimleri bermek;
- Nyrhnamalaryň üýtgemeleri boýunça maglumat alyş-çalyş etmek;
- Hünärmenleriň arasynda özara tejribe alyşmak;
- Tiz möhletli we ýörite ýükleriň operatiw üpjün edilmegine ýardam bermek;
- Taraplar tarapyndan ylalaşylan özara hereketler.
“Uztemirýolkonteýner” paýdarlar jemgyýeti (“Uztemiryulkonteýner”) “Özbegistan demir ýollary” (“Özbekistan temir yullari”) paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegidir. “Uztemirýolkonteýner” Özbegistanyň demirýollarynda resmi ýük ekspeditory bolup, Özbegistanyň çäklerine, GDA-nyň agza ýurtlaryna, Ýewropa we Aziýa sebitlerine harytlary eksport-import, üstaşyr daşamak üçin ekspeditor hyzmatlaryny hödürleýär.
19.07.2022