|Türkmenbaşy Halkara deňiz porty “Türkmentel-2022” halkara forumyna gatnaşdy

                     

2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşdy.

Forumyň resmi açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady.

«Türkmentel — 2022» atly  halkara sergisine we ylmy maslahatyna ýurduň ýolbaşçylar topary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, KHBS-niň wekilleri gatnaşyp, SSE-niň sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan pudaklaýyn sergi bilen tanyşdylar. Türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky sergide maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynda gazanylan üstünlikler görkezildi.    

Serginiň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri şeýle-hem ýurdumyzda alynyp barylýan Sanly Ykdysadyýet Maksatnamasy esasynda portda sanly ulgamy ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler sergä gatnaşyjylara tanyşdyryldy.

10.10.2022

Scroll to Top