TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTY – TÜRKMENISTAN BITARAPLYGYŇ MEKANY ÝYLYNDA ÖSÜŞLERE TARAP!

Arkadagly Watanymyzda üstünlikli alnyp barylýan ulag syýasatyň netijesinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty import, eksport we üstaşyr ýükleri geçirmekde Hazar sebitinde möhüm ähmiýetli logistikanyň halkasyny birikdirýän desga bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän 2020-nji ýylyň geçilen aýlarynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlarda we işlerde gazanylan oňat netijeleri bellemän geçmeklik mümkin däl. Bu taryhyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, elektron resminama dolanşygyny ösdürmek, müşderiler üçin amatly şertleri döretmek ýaly birnäçe işler alnyp baryldy. Munuň bilen baglylykda, portuň müşderilerini has-da gyzyklandyrmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlarynyň Nyrhnamasyna gaýtadan seredildi we täze Nyrhnama tassyklanyldy. Täze Nyrhnama laýyklykda, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň we tölegleriň görnüşleri birikdirilip, portuň müşderileri üçin amatly we çeýe nyrhlar emele getirildi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze resmi internet sahypasy (port.com.tm) işlenilip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu internet sahypada Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, hyzmatlary we taryhy wakalary baradaky maglumatlar bilen üpjün edilýär. Iň esasy bellenilmegi möhüm wakanyň biri, bu internet sahypada Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müşderilerinden gelip gowuşýan sargytlaryň elektron tertipde kabul edilmegi bolup durýar. Bu tertibiň ýola goýulmagy portuň müşderilerinde begenç duýgusyny oýandyrdy. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda elektron maglumat ulgamyny kämilleşdirmek babatynda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, soňky döwürlerde bu wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze resmi internet sahypasynyň işe girizilmegi bolsa, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Soňky döwürlerde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaklyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly işewürleriň sany barha artýar. Munuň şeýledigi degişli döwürde geçirilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň sany hem-de onda gazanylan netijeleriň hili bilen tapawutlanýar. Daşary ýurtlaryň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen geçirilen duşuşyklarda esasan, Hazarýaka döwletleriň arasynda parom gatnawlaryny ösdürmek, özara ylalaşyk esasynda gämileriň portlara girmekleri üçin alynýan ýygymlara ýeňillikleri bermek, Hazar deňzi - Gara deňzi aralygynda ýük gatnawyny we bitewi platforma emele getirýän sanly ulgamy ösdürmek ýaly meseler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilşimiz ýaly, sebitde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň desgasy multimodal ulag ulgamyny emele getirýän häsiýete eýedir. Munda diňe bir deňiz ulaglarynda däl, eýsem ulaglaryň beýleki görnüşlerinde utgaşykly işleriň alnyp barylmagyna we mundan hem beýläk ösdürilmegine giň mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Bulardan ugur alnyp bolsa, degişli döwürde «Türkmenistanyň ulag logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmendemirýolekspres» hojalyk jemgyýeti we «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýaly ýurdumyzyň beýleki ulag kärhanalary bilen ysnyşykly işler alnyp baryldy. Bu kärhanalaryň wekilleri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ençeme gezek iş saparlar amala aşyrylyp, olar bilen utgaşykly işleri ösdürmek babatynda ýerinde gepleşikler geçirildi. Şeýle hem, gelejekde ulag hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda täze taslamalaryň üstünde pikir alyşylmagy dowam etdirilýär. Bellenilip geçilen deňiz ulaglaryndaky öňe gidişlikler – ata-babalarymyzyň asyrlardan gaýdýan zähmetsöýerlik, edermenlik, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik ýaly häsiýetlerine kybap gelýän alamatlaryndan gözbaş alýar. Hormatly Arkadagymyzyň başda durmagynda, bu ädimlenip barylýan sepgitler mundan hem beýläk dowam ediljekdigi aýdyň göze görünýär!

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top