Türkmenbaşy Halkara deňiz porty türkmen-russiýa ykdysady forumyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.
Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çärä dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, hem-de telekeçiler gatnaşdylar.
Forumyň barşynda bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalary, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, forumyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Hazar sebitinde logistika merkezi hökmünde ulanmak we gämi gurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.
VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça iki ýurdyň telekeçileriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Scroll to Top