| Türkmenbaşy Halkara deňiz porty müşderilerine Gümrük ammarynda ýükleri saklama hyzmatyny hödürleýär

                     

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükler ýurduň çägine getirlende we goňşy döwletlere üstaşyr geçirilende Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky Konteýner terminalynyň Umumy ýükler ammaryndaky Gümrük ammarda ýükleri saklamak boýunça teklibini, müşderileriň we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň garamagyna hödürleýär.

Gümrük ammary – Türkmenistanyň çägine getirilen harytlaryň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan 3 ýyl möhlet bilen gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan gümrük düzgünidir. Bu bolsa gümrük ammarynda saklanylýan ýükleri portuň çäginden awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly islendik ugur boýunça ugratmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gümrük ammarynyň esasy aýratynlyklary:

  • Maddy-tehniki we tehnologiki taýdan dolulygyna üpjün edilen merkez;
  • Ammara ýakyn ýerleşdirilen ýükleme-düşürme meýdançasy;
  • Giriş gözegçilik ulgamy, gorag we ýangyn howpsuzlyk bildirimleri, gerek bolan ýagdaýynda wideogözegçilik işleri.

 

Habarlaşmak üçin:

Logistika we Marketing bölümi

Tel: +993 243 4 91 57; +993 243 4 91 83

e-mail: tisp.marketing@port.com.tm

02.02.2023

Scroll to Top