| Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ISO halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklandy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň:
- «ISO 9001:2015 — Hil dolandyryş ulgamy»,
- «ISO 14001:2015 — Ekologiýanyň dolandyryş ulgamy» we
- «ISO 45001:2018 — Saglygy goramak we zähmet howpsuzlygynyň dolandyryş ulgamy» halkara ölçeglerine gabat gelýändigi tassyklanyldy.
Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän deňiz portunuň audit barlagy CERT International (Slowakiýa) kompaniýasy tarapyndan geçirildi we porta degişli şahadatnamalary berildi.
Bu resminamalar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müşderileriniň isleglerini göz öňünde tutup, hyzmatlary bermegiň ýokary derejesini üpjün edýändigine, şeýle hem öz işini mydama gowulandyrmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.
ISO ölçegleriniň girizilmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatdaşlary tarapyndan ynamyň artmagyna, prosessleriň optimallaşdyrylmagy we standartlaşdyrylmagy sebäpli çykdajylaryň kemelmegine, daşky gurşawy goramagyň derejesiniň ýokarlanmagyna we deňiz portunyň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam eder.
Geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty EcoPort Suistanable Logistic Chain guramasynyň EcoPort şahadatnamasyny almagy meýilleşdirýär. Bu portuň ekologik howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem onuň sebitleýin we halkara bazarlarda bäsdeşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.
04.05.2023