Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau deňiz söwda porty arasynda konteýner gatnawyny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslmasynyň üstünde işlemek boýunça wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

     2021-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda wideo şekilli aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýük dolanşygyny mundan beýläk artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau deňiz söwda porty arasynda konteýner gatnawyny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmeklik boýunça onuň taslamasynyň üstünde işlendi.
     Hususan-da Ylalaşyga ikitaraplaýyn konteýner gatnawy amala aşyrlanda ýeňillikler bermeklik göz öňünde tutulýar.
     Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda Ylalaşyga türkmen tarapynyň we gazak tarapynyň bellikleri we teklipleri girizildi hem-de Ylalaşyga gol çekmekligiň senesi boýunça diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljakdygy barada habar berildi.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top