| Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri porty ýaşyllaşdyrmak we dekarbonizasiýa boýunça sebitleýin bilim paýlaşmak seminaryna gatnaşdy
Iýul aýynyň 27-28-i aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen “Porty ýaşyllaşdyrmak we dekarbonizasiýa boýunça sebitleýin bilim paýlaşmak seminaryna” gatnaşdy. Bu çäre Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Sebitleýin Hyzmatdaşlyk, Integrasiýa we Söwda Bölümi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň garyplygy azaltmak we sebit hyzmatdaşlyk gaznasy tarapyndan bilkelikde gurnaldy. Şeýle hem, bu çäre Global Durnukly Ulag Innowasiýa we Bilim Merkezi tarapyndan tehniki taýdan goldanýar.
Porty ýaşyllaşdyrmak we dekarbonizasiýa global durnuklylyk gün tertibiniň bir bölegidir. Howanyň üýtgemegini azaltmak üçin dekarbonizasiýa etmegiň uzak möhletli maksatnamasyna ýetmekde Aziýa we Ýuwaş umman portlary bilelikde işlemegi gazanmalydyr. Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) “Sebitleýin hyzmatdaşlykda innowasiýany öňe sürmek we COVID-19-dan soňky integrasiýa” atly tehniki goldaw maksatnamasy esasy netijelerinden biridir. Bu deňiz meselesini çözmek üçin AÖB-y ösýän agza ýurtlaryna goldaw bermegi maksat edinýär.
Iki gün dowam eden bu seminaryň ilkinji gününde gatnaşyjylar Aziýa we Ýuwaş umman portlaryny ýaşyllaşdyrmak we dekarbonizasiýa boýunça özara pikir alyşdylar, seminaryň ikinji gününde myhmanlar “Shanhai Yangshan Deep Water Port”-y bilen tanyşdylar we mümkinçiliklerine syn etdiler.
28.07.2023