| Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýa Federasiýasyndan Owganystana azyk önümleri geçirmek meýilleşdirilýär

                     

Russiýa Federasiýasynda geçirilen I Deňiz kongresiniň çäginde, Türkmen wekilýeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň «Lotos» ýörite ykdysady zolagy paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Miluşkinyň arasynda iki taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Özara gepleşikleriň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýa Federasiýasyndan Owganystana bugdaý, un, ösümlik ýagyny we beýleki dürli azyk önümlerini daşamagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Türkmen wekilýeti bu babatda Demirgazyk-Günorta halkara ulag koridoryny ösdürmek we amatly şertler döretmek üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan ýeňillikler bermäge taýýardygy we taraplar Russiýa-Türkmenistan-Owganystan ugruny ýakyn wagtda ýola goýulmagy üçin degişli işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygy barada aýtdylar.

03.10.2022

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top