| Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri Singapurly bilermenler bilen tejribe alyşdylar
2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Singapuryň deňiz portunyň bilermenleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri bilen port hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Türkmenistana iş saparyna geldiler. Bäş günlük iş saparynyň dowamynda portuň terminallary we dolandyryş düzümindäki bölümler tarapyndan alnyp barylýan işler, öňde goýulan maksatlar bilen tanyşdylar.
Iş saparynyň ilkinji gününde bilermenler “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş işini kämilleşdirmekde hem-de portuň terminallaryny peýdalanmakda zerur bolup durýan maksatlary kesgitlediler.
Kapitan James Fong-yň ýolbaşçylyndaky topar, iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň, dolandyryş düzümindäki bölümleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirip, portuň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň deňiz ulaglary ulgamyny ösdürmekde we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçýän ýük akymynyň artdyrylmagynda ýardam berjekdigi barada nygtap geçdiler.
Iş saparyň çäklerinde bilermenler «At Abraý», «Beýik Ýüpek ýol», «Türkmen Ak ýol», «Hazar Logistik» ulag-logistika kompaniýalarynyň hem-de Gümrük gullugynyň, Migrasiýa gullugynyň, Serhet gullugynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Sanitar-epidomolgiýa gullugynyň wekilleri bilen duşuşyp, iş prosesleriniň alynyp barlyşy bilen tanyşdylar.
24.10.2022