TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTUNDA HORMATLY ARKADAGYMYZYŇ “ABADANÇYLYGYŇ RÖWŞEN GADAMLARY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI.
“Halkyň arkadagly zamanasy” ýylynda Hazar deňziniň merjen kenaryny etekläp oturan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Agamurad Haýytmuradowyň ýolbaşçylygynda geçirilen dabara “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ÝPGJ-nyň, “Balkan” Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bu täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigi, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigini bellediler.
Bu kitap hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr. Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça milli Liderimiziň pikirleri jemlenendir. Aýratyn-da, döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler bar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna ýüzlenme kabul etdiler.