| Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «EkoPort» şahadatnamasyny almakda düýpli işler alynyp barylýar

                     

2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we Daşky Gurşaw Işleriniň Utgaşdyryjysynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy «EkoPort» şahadatnamasyny almaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hünärmenlerine goldaw berýär.

«Ýaşyl» portlar, ulag merkezleri bolmak bilen, ulag we logistika akymlarynyň yzygiderli birikdirilmegi üçin mümkinçilikler açýar we ulag ulgamynda uglerod zyňyndylarynyň (dekarbonizasiýa) kem-kemden azalmagyna goşant goşýar.

Deňiz portlarynyň durnukly ösüşinde energiýany dogry sarp etmek we serişdeleri netijeli dolandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Portlaryň we ulag ulgamynyň durnukly ösüşi, ulag ugurlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we daşky gurşawa bolan dostlukly gatnaşygyny  ýokarlandyrýar.

Halkara «EkoPort» şahadatnamasy, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna Ýewropanyň ulag ulgamyna goşulmaga mümkinçilik döreder.

«EkoPort» şahadatnamasy portuň işleýşini, port dolandyryş syýasatlaryny, daşky gurşawy goramak we töwekgelçilikleri dolandyrmagy güýçlendirýär. Häzirki wagtda dünýäniň 35 porty «EkoPort» derejesine eýedir.

09.09.2022

Scroll to Top