| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Türkiýäniň «Kastamonu» kompaniýasynyň wekiliniň iş sapary
2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkiýe döwletiniň «Kastamonu» kompaniýasynyň Türkmenistan döwletine eksport boýunça jogapkär wekili Sabahattin Öztürk Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkiýede we Russiýada (Tatarystan Respublikasy) agaç önümlerini öndüriji «Kastamonu» kompaniýasynyň laminat önümlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen ýurdumyza import etmek maksady bilen ýakyn günlerde Türkiýe döwletinden ýurdumyza synag görnüşinde gämi gatnawyny amala aşyrmak boýunça maslahat geçirildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçy düzümi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň wekiline portuň Ýolagçy-parom, Konteýner, Ürgün we Umumy ýükler terminallarynyň mümkinçilikleri, işleýiş tertibi, ýükleriň ýüklenip düşürilişi, gämileriň kabul edilişi bilen ýakyndan tanyşdyryldy we kompaniýanyň wekili tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde gümrük saklaýyş düzgüni (gümrük ammar) hyzmatynyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşan myhman, port boýunça tanyşdyryş gezelenjiniň ajaýyp guramaçylykly geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
20.06.2023