| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna syýahat
2022-nji ýylyň 18-19-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanşyk we ösüş” atly halkara maslahat geçirildi.
Bu halkara maslahata daşary ýurtlaryň we ýerli kompaniýalaryň wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda ulag-üstaşyr meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe ähtnamalara gol çekildi.
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda bu halkara foruma gatnaşan wekilleriň aglaba bölegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Türkmenbaşy şäherine geldiler.
Gezelenjiň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynda portuň tanyşdyryş wideo şekilline tomaşa etdiler mundan soňra, terminalyň deňiz duralgasynyň çäginde tirkegleriň paroma ýüklenilişine syn etdiler.
Soňra portuň Konteýner terminalyna bardylar. Bu ýerde “Balkan” gämisine konteýnerleriň ýüklenilişine syn edip, big-beg haltalarynda ýükleriň konteýnerlara gaplanylyşyny gördüler.
Konteýner terminalyndan soňra wekiller portuň Ürgün ýükler terminalyna geldiler. Bu ýerde hem ürgün görnüşindäki ýükleriň açyk we ýapyk ammarlarda saklanylyşyna, däne önümleri üçin we sement önümlerini saklamak üçin niýetlenen siloslaryň mümkinçilikleri, konweýer liniýanyň işleýiş tertibi barada giňişleýin maglumat aldylar.
Gezelenjiň dowamynda wekiliýet portuň Umumy terminalyna hem baryp gördüler. Bu terminalda hem işiň gidişine üns berip, tehnikalar we ammarlar barada ähli gyzyklanýan soraglaryna maglumatlary aldylar.
Gezelenjiň ahyrynda wekilleriň ählisine “Çarlak” myhmanhanasynda resmi günortanlyk nahary berildi we “Rowaç” gämisinde deňiz syýahaty gurnaldy.
Foruma gatnaşan wekiller bu syýahatdan we porta gurnalan gezelençden hoşal bolup hoşlaşdylar, portuň ýolbaşçylary we hünärmenleri bolsa myhmanlara ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.
20.07.2022