| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna syýahat

                     

2023-nji ýylyň 3-4-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde “2-nji Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanşyk we ösüş” atly halkara maslahat geçirildi.

Bu halkara maslahata dürli ýurtlaryň we ýerli wekilleriň 400-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda ulag-üstaşyr meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe ähtnamalara gol çekildi.

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda bu halkara foruma gatnaşan wekilleriň aglaba bölegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Türkmenbaşy şäherine geldiler.

Gezelenjiň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Umumy terminalyna hem baryp gördüler. Bu terminalda hem işiň gidişine üns berip, tehnikalar we ammarlar barada ähli gyzyklanýan soraglaryna maglumatlary aldylar.

Soňra portuň Konteýner terminalyna bardylar. Bu ýerde “Balkan” gämisine konteýnerleriň ýüklenilişine syn edip, big-beg haltalarynda ýükleriň konteýnerlara gaplanylyşyny gördüler.

Konteýner terminalyndan soňra wekiller portuň Ürgün ýükler terminalyna geldiler. Bu ýerde hem ürgün görnüşindäki ýükleriň açyk we ýapyk ammarlarda saklanylyşyna, däne önümleri üçin we sement önümlerini saklamak üçin niýetlenen siloslaryň mümkinçilikleri, konweýer liniýanyň işleýiş tertibi barada giňişleýin maglumat aldylar.

Gezelenjiň dowamynda wekiliýet portuň Ýolagçy-parom terminalynda portuň tanyşdyryş wideo şekilline tomaşa etdiler mundan soňra, terminalyň deňiz duralgasynyň çäginde tirkegleriň paroma ýüklenilişine syn etdiler.

Gezelenjiň ahyrynda wekilleriň ählisine Ýolagçy-parom terminalynyň üçinji gatynda ýerleşýän syn edilýän ýerinde agşamlyk nahary berildi.

Foruma gatnaşan wekiller bu syýahatdan we porta gurnalan gezelençden hoşal bolup hoşlaşdylar.

05.05.2023

Scroll to Top