| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji gezek“Zarifa Aliýewa” paromy geldi
2023-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji gezek Azerbaýjanyň “Ro-Pax” kysymly «Zarifa Aliýewa» ýük-ýolagçy paromy geldi. Parom ilkinji ýüzüşinde 16 ýolagçy, 16 sany ýük awtoulaglaryny (TIR) we 20 sany ýük tirkeglerini getirdi.
“Zarifa Aliýewa” paromynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda Baku gämi gurluşyk zawodynda “ASСО” ÝGPJ-iň buýurmasy esasynda badalga berildi. 2022-nji ýylyň aprelinde “Zarifa Aliýewa” paromy Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi
30 adamlyk ekipažy bolan özboluşly paromynyň uzynlygy 154,50 metr, ini 17,7 metr we beýikligi 7,5 metr. Häzirki wagtda parom göterijilik ukyby taýdan Hazar deňzinde hereket edýän beýleki paromlaryndan has uludyr. Parom 100 sany ýolagçyny, 56 sany wagon-çelegini ýa-da 50 sany ýük awtoulagyny alyp biler.
Howa şertlerine baglylykda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň portlarynyň arasynda ýüzüşiň dowamlylygy 5-6 sagat bolup, bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär we geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder.
Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki wagtda Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistandan «Lapis Lazuli» ulag koridorunyň üsti bilen Azerbaýjana we Türkiýä eksport, import we üstaşyr ýükler geçirilýär.
15.01.2023