| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti iş sapary bilen geldiler

                     

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp gördüler.

Iş saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň  mümkinçilikleri, işleýiş tertibi, ýükleriň ýüklenip düşürilişi, gämileriň kabul edilişi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşan wekiliýet, iki ýurduň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Portuň ýolbaşçylaryna gyzgyn garşy alandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

12.10.2022

Scroll to Top