| Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisiniň resmi iş sapary
2022-nji ýylyň 14-nji iýulyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Balkan welaýatyna resmi iş sapary boldy.
Ilçi Golam Abbas Arbab Hales Balkan welaýatyna resmi iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp, portuň işleýiş tertibi, ýükleriň ýüklenip düşürilişi, gämileriň kabul edilişi we işlenilişi bilen tanyşdy.
Iş saparynyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi iki döwletiň arasyndaky ulag ulgamyndaky, azyk senagat, eksport we import gatnaşyklarynyň örän möhümdigini belläp, mundan beýläk hem Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmeklikde ähli zerur bolan işleriň geçiriljekdigini belledi.
Portuň mümkinçilikleri bilen tanyşan ilçi öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen ýakyndan gelip tanyşanlygyna hoşallygyny bildirdi, mundan başga-da Eýran Yslam Respublikasynynyň portlary bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaklyka, şeýle hem Eýran portlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmaklyga çagyrdy.
Ilçi Golam Abbas Arbab Hales portuň ýolbaşçylarynyň gyzgyn garşy almalary üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň has pugtalanmagy ugrunda zerur işleri alyp barjakdygy barada ynandyrdy.
14.07.2022


