| Türkmen wekiliýeti «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

«Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.

Duşuşykda Marat Husnullin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça : “Russiýa-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ylalaşyk-hukuk esasy täze resminamalar bilen yzygiderli doldurylýar, ulag we logistika, söwda we ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk ýokary depginde ösýär. Şol bir wagtyň özünde, özara söwdanyň gerimini giňeltmek, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek ýaly birnäçe iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris “- diýip,  rus-türkmen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi .

Mämmethan Çakyýew hem öz gezeginde Türkmenistanyň Russiýa, şol sanda Tatarystan bilen köp ugurda netijeli hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini nygtady.

Geçirilen  ýokary derejeli duşuşykda Rustam Minnihanow Tatarystan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynda  köp tejribe toplanmagy netijesinde öňdebaryjy tatar kompaniýalaryň  ençeme ýyl bäri üstünlikli işleri alyp barýandygyny belläp geçdi. Soňra ýygnaga gatnaşyjylar söwda we ykdysady ugurlarda birnäçe geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

19.05.2023

Scroll to Top