2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde türkmen-şweýsar işewürler forumy geçirildi.
Bu çäräniň esasy maksady hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ykdysady we maýa goýum babatynda döredilen amatly şertlere we şweýsar kompaniýalarynyň ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda alyp barýan işine syn berildi.
Şeýle-de, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Şweýsariýa eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.