Türkmen – Awstriýa söwda Assosasiýasynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň assosiasiýasy bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylary, şeýle hem, Awstriýanyň bilermenleri gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda awstriýa tarapy Türkmen – Awstriýa söwda Assosasiýasynyň düzümine girýän kompaniýalary bilen tanyşdyryş prezentasiýalaryny görkezdiler. Türkmen tarapy häzirki wagtdaky Türkmenistanyň ykdysady gökezijileri barada belläp geçip, geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga Awstriýanyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny çagyrdy. Mundan başga-da taraplaryň arasynda maýa goýum goýmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, maýa goýum fonduny döretmek boýunça pikir alşyldy.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top