Gök asmanyň astynda özboluşly arhitekturasy bilen reňkli aýnaly we altyn bezegli ýolagçy terminalynyň edara binasy ähli öwüşgini bilen gatnaýan ýolagçylara hyzmat edýär. Terminal 800 ýolagçy üçin niýetlenendir. Häzirki zaman derejesinde bu ýerde iň täze enjamlar bilen gümrük we pasport gözegçiligi, CIP we VIP otaglary döredilendir. Şeýle hem porta gelýän/gidýän ýolagçylaryň we gämileriň ekipažlarynyň dynç alyp biljek myhmanhanasy bar. Gezelenç we dynç alyş üçin ajaýyp seýilgäh bar. Şeýle hem müşderileriň rahat dynç almaklary, naharlanmalary we medeniýetli wagt geçirmeklikleri üçin terminalyň çäginde bilýard otagy, çagalar otagy, internet kafesi, barlar we restoranlar hem bar.